Biz barada

"YNAMLY ÝÖRELGE" HOJALYK JEMGYÝETI

Türkmenistanyň çäginde örän tiz wagtda kämillige tarap gadamyny basýan, ýaş we döwrebap kompaniýalaryň biri bolup polipropilenden taýýarlanylan multiflament ýüplükleri öndürmek we satmak işini alyp barýar. Uzakmöhletleýin bähbitli gatnaşyklary maksat edinýän kärhanamyz açylanyna az wagt bolanyna garamazdan ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda ençeme ygtybarly hyzmatdaşlary edinmegi başardy.

Şu günki güne çenli gazanan ähli üstünligimiziň özeninde bolsa ýerine ýetirýän önümçiligimizde hil bilen bagly yhlasymyza baglaýarys. Ýokary derejeli önümçiligi ýerine ýetirmek üçin Awstriýanyň SML Maschinengesellschaft mbH (AUSTROFIL-SML) enjamlaryny ulanýarys. Bu enjamlar arkaly öndürilýän önümler Ýewropa we dünýä standartlaryna doly gabat gelýär. Şeýle hem öndürilýän önümleriň arasynda ýalňyşlyk döremegine ýol berilmeýär.

Önümçilik desgamyzda öndürilýän ähli önümler şol bir wagtda Germaniýanyň ZwickRoell kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyrylan labaratoriýamyzda täzeden barlagdan geçirilýär.

Önümlerimiz

Önümçilik liniýasy

Austrofil HT 4x2/4/75 8/16 sapakly

Polimer

Polipropilen, MFR 10-35

Ýüplügiň dykyzlyk diapazony

Ýüplügiň uzama güýji

16-25%

Çydamlylyk

7-7,5 g/denýe

Bobinleriň ini

iň ulusy 320 mm

Önümçilik kuwwady

160 kg/sagat / 3,84 t/günde

Saraýyjy

awtomatiki saraýyjy enjam

Saraýyjy tizligi

1000-3500 m/min

ÖNÜM AÝRATYNLYKLARY

Önümlerimiziň ählisi aşakdaky aýratynlyklara eýedir:

  • Multifilament ýüplüklerimiziň dykyzlygy (denýe) 150-den başlap 4000-e çenli ýetirmäge mümkinçiligimiz bar.
  • UV yşyklary bilen durnuklaşdyrylan, ýaglanan, ýokary dartyş güýjine eýe ýüplükleri ähli fiziki we mehaniki aýratynlyklaryna esaslanyp birnäçe ýyllap saklamak mümkin.
  • Multiflament ýüpliklerimiz dürli kislotalara, aşgarlara we erginlere çydamlydyr. Önümlerimiziň UV yşyklaryna çydamlylygy her üznükde 6,8-7.5 g / denier-e barabardyr.
  • Müşderiniň islegine we sargydyna baglylykda, öndürilýän ýüpligiň reňkini, egrilik diametrini, agramyny we mukdaryny sazlap, ýene-de islege görä gutuda ýa-da paletde gaplap berýäris.

MULTIFLAMENT ÝÜPLÜGINIŇ ULANYLÝAN ÝERLERI

Polipropilenden öndürilen multiflament ýüplüginiň esasy ulanylýan ýerleri tehniki matalar we olardan tikilip önümçilikde ulanylýan matalardyr.

Polipropilen halta lentalary we tikilen haltalar, ýüpler, remenler, şnurlar, dokalan matalar we dokalan torlar, önümçilikde ulanylýan uly torbalar, aýakgaplar, sumkalar we çemodanlary tikmek, matalary ýasamakda hem-de matalary tikilýän ýüpekleri ýasamakda has hem giňden ulanylýar.

SALGYMYZ:

Önümçilik desgasynyň meýdany 1000 m² bolup, zawod Ahal Weýatynyň Ak Bugdaý etrabyndaky Senagat zolagynyň 105-nji ýer böleginde ýerleşýär. Desgamyz haryt öndürmek, synag etmek we ibermek üçin ähli zerur infrastrukturalara eýedir.

Habarlaşmak üçin

Hil

Polipropilen ýüplükler dört uzaldyjy we egriji modul bilen enjamlaşdyrylan önümçilik liniýasynda öndürilýär.

Uzaldyjy bölümdäki gyzgyn howa kamerasynyň häzirki zaman dizaýnynyň kömegi bilen, ýokary önümçilik durnuklylygyny saklamak hem-de ýokary çyzykly dykyzlykda we ýokary önümçilik tizliginde ýüplügiň hilini iň ýokary görkeziji bilen öndürmek mümkin.


Adaty hil barlagy

Dünýäniň iň ýokary tilsimatlary ornaşdyrylan ýagny Germaniýanyň Zwick Roel barlag enjamy arkaly öz labaratoriýamyzda hem-de garaşsyz ýerlerde her bir öndürilen önümiň hili gözgeçilikden geçirilýär.

Iň ýokary hilli önümler

Önümçiligiň iň ýokary hilini gazanmak diňe Awstriýanyň “SML Maschinengesellchaft mbH” enjamlaryny we ýokary hilli çyg maly ulanmak arkaly mümkin bolýar.

"Ynamly ýörelge" - Dogry hyzmatdaşlygyň salgysy!

Suratlar

Habarlaşmak üçin

Telefon: +99365628499, +99365677298
24/7

E-mail: b.atayev@ppyarntrade.com
Websaýt: ppyarntrade.com

Salgymyz:

 

Ashgabat, Turkmenistan
744000, TKM

Loading
Your message has been sent. Thank you!